Ýaşlaryň arasynda “Işewürlik meýilnamasyny taýýarlamak” atly Agrostartap bäsleşigi geçirildi
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Ýaşyl ylalaşyk merkezi talyplaryň arasynda “Işewürlik meýilnamasyny taýýarlamak" atly Agrostartap bäsleşigini geçirdi. Çärä gatnaşan talyp ýaşlara durnukly oba hojalygy we daşky gurşawy goramak babatda amaly pikirlerini hödürlemek mümkinçiligi berildi.
Bäsleşige Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň on bir talyby gatnaşdy.
Bäsleşigi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Ýaşyl ylalaşyk merkezi S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde gurady. Çäre ýaşlara oba hojalyk işewürlik pikirlerini ösdürmäge we hödürlemäge ýardam bermek üçin döredilen Agro Startap meýdançasynyň çäginde geçirildi. Çäräni guramaga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komiteti goldaw berdi.
Bäsleşige gatnaşyjylar ekologiýa, oba hojalygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) bilen baglanyşykly işewürlik meýilnamalaryny we taslamalaryny hödürlediler. Talyplar taslamalarynyň çözýän meselelerini, teklip edýän çözgütlerini, şeýle hem olaryň amaly we ykdysady peýdasyny beýan etdiler.
“Işewürlik meýilnamasyny taýýarlamak” bäsleşigi talyplaryň arasynda täzeçil pikirlenmäni höweslendirmäge, bilim edaralarynyň we telekeçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem oba hojalyk pudagynda ekologiýa taýdan jogapkärli, durnukly çemeleşmeleri ösdürmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalaryň bir bölegidir.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, şeýle başlangyçlar ýaşlara öz bilimlerini amaly çözgütlere öwürmäge we işewürligi meýilnamalaşdyrmak başarnyklaryny ösdürmäge ýardam edýär, bu bolsa geljekki hünärmenleri Türkmenistanyň oba hojalygynyň durnukly ösüşine goşant goşmaga taýýarlaýar.
Döwranmyrat Begmyradow