AKADEMIÝANYŇ WEKILLERI ALMATYDA GEÇIRILEN HALKARA MASLAHATA GATNAŞDYLAR

AKADEMIÝANYŇ WEKILLERI ALMATYDA GEÇIRILEN HALKARA MASLAHATA GATNAŞDYLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldilýär. Şoňa laýyklykda, Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde netijeli işler amala aşyrylýar. 2026-njy ýylyň 13-14-nji aprelinde Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherindäki META uniwersitetinde «Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri üçin ýaşyl ylalaşyk» (GDCAU) taslamasynyň ýyllyk ýygnagy geçirildi. Bu halkara okuw maslahatyna Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.
 
 
Maslahatyň dowamynda taslamanyň çäginde Akademiýada amala aşyrylan esasy işler we ýetilen sepgitler barada çykyş edildi. Hususan-da, okuw mekdebinde «Ýaşyl ylalaşyk» (Green Deal) merkeziniň işe girizilendigi, okuw maksatnamalarynyň BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna doly laýyklaşdyrylandygy we täze sapaklaryň özleşdirilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, daşary ýurtlaryň atçylyk federasiýalary we ylym-bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlyk ylalaşyklarynyň baglaşylandygy nygtaldy. Şeýle-de, talyplaryň gatnaşmagynda yzygiderli geçirilýän ekologiýa çäreleri, geljekde meýilleşdirilýän innowasion bäsleşikler we bilelikdäki magistratura maksatnamasynyň taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumat berildi.
Saparyň ikinji gününde hyzmatdaş uniwersitetleriň wekilleri geljekki strategik meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Biziň wekillerimiz birnäçe ylmy we medeni çärelere, şol sanda täze barlaghananyň açylyş dabarasyna hem-de Halkara ylmy-amaly konferensiýasyna gatnaşdylar.
Bu maslahatda toplanan halkara tejribe Akademiýada ylym-bilim işleriniň has-da kämilleşdirilmegine özüniň oňyn goşandyny goşar. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris.
 
Akademiýanyň mugallymy Döwranmyrat Begmyradow
Back