USSAT SEÝIS
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gysga taryhy döwürde ýurdumyzda atçylygyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, ömrüni arzyly hünäre atçylyga bagyşlan atşynaslarymyzyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatynda tutumly işler durmuşa geçirildi. Bularyň hemmesi atçylygyň dörän türkmen topragynda-dünýäniň atçylygyny baýlaşdyran hem-de arassa ganly atlaryň aýawly saklanan taryhy watanynda behişdi bedewlerimize hem-de atşynaslarymyza, ussat seýislerimize goýulan hormat sarpanyň belentdigini görkezýär. Seýisçilik käri irginsiz zähmeti, aladaçyllygy, synçylygy, duýgurlygy, ýiti zehini we inçeligi talap edýär. Ata – babalarymyz asyrlar boýy ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny saklamak üçin-de içgin aladalanypdyr. Olaryň iýmitlenişi beýleki atlardan tapawutly bolup, diňe körpe ýorunja, kölegede guradylan bede, arpa, käşir, gant, kişmiş, ýumurtga bilen bellenilen tertipde, belli bir möçberde gadymdan gelýän kada – dessur boýunça diňe bir adam, ýagny seýis tarapyndan iýmitlendirilipdir. Ata-baba dowam edip gelýän şeýle asylly ýol ýörelgeler Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda mynasyp dowam etdirilýär. Ussat seýis atly gurnagyň agzalary ussat seýisleriň tejribesini has içgin öwrenýärler. Bu ugurda halypalar bilen duşuşyklary gurnap bedew atlaryň arassa tohumyny taýýarlamak, taýlary talaba laýyk ösdürüp ýetişdirmek, olary dürli ugurlara görä paýlamak, baş öwretmek, seýislemek, ýaly ugurlar boýunça hünär endiklerini ele alýarlar. Şeýle hem akademiýadaky atlaryň özbaşdak taýýarlygyny alyp barýarlar. Talyp ýaşlar dünýä atçylygynda gazanylan netijeleri milli seýisçilikde hem-de atşynaslykda toplanan tejribeler bilen utgaşykly ulanyp, ahalteke tohumyny kämilleşdirmegiň, tohum atlaryň baş sanyny artdyrmagyň we atçylygyň ykdysadyýetiniň binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda ylmy işleri ýerine ýetirýärler. Bu gurnak ussat seýisler bilen akademiýada bilim alýan talyp ýaşlaryň arasyndaky köpri bolup durýar.
TÜRKMEN JIGITLERI
Eziz diýarymyz ahalteke bedewleriniň watanydyr, olar bolsa dünýäniň tohum atlarynyň arasynda özüniň owadanlygy, ajaýyp häsiýetleri, ýokary çapuw görkezijileri bilen tapawutlanýan genji hazynadyr. Ajaýyp zamanamyzda Türkmenistan döwletimiz atşynaslygyň halkara merkezine öwrüldi. Behişdi bedewlerimiziň we ussat çapyksuwarlarymyzyň daşary ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşiklerde abraýly atçylyk sport ýaryşlarynda hem-de at çapyşyklarynda ýeňiji bolmaklary muňa aýdyň şaýatdyr. Bu günki günde Türkmen jigitleri at üstündäki dürli oýunlary, akrobatik hem-de gimnastik tilsimleri, at çapmagyň ýokary ussatlygyny görkezýärler. Türkmen jigitleri atly gurnagyň agzalary at üstündäki milli oýunlarymyzy ýerine ýetirmek, çapyp barýan bedewlere atlanyp çylşyrymly hereketleri, tilsimleri içgin öwrenýärler. Akademiýanyň ýapyk manežinde, açyk manežinde ýurt derejesinde we halkara derejesinde geçirilýän festiwallara, uzak aralyga atly ýöriş, atly sport bäsleşiklerine gatnaşmaga taýýarlyk görýärler, dünýä tejribesini içgin öwrenip, başarnyklaryny has-da kämilleşdirýärler. Şeýle hem atly sporty we syýahatçylygy ylmy taýdan içgin öwrenip bu ulgama ylmyň we tehnologiýanyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmaklyk ugrunda ylmy barlag işleri alyp barýarlar.
ÝAŞ WETERINAR LUKMAN
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryny jemgyýetiň giňden goldamagy netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň ekologiýa düşünjesini kemala getirmek, tebigata, daşky gurşawa, haýwanat dünýäsine aýawly garamak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu gün iň bir jogapkärli hünärleriň biri hem Weterinar lukmançylykdyr. Häzirki wagtda weterinar lukmanlar weterinariýada, weterinar sanitariýada, oba hojalyk kärhanalarynda, umuman haýwanlara lukmançylyk kömeginiň gerek ýerlerinde işleýärler. Ýaş weterinar lukman atly gurnagyň agzalary haýwanlaryň hususanda atlaryň anatomiýasy we fizalogiýasy, pizootologiýa, parazitologiýa, weterinar patalogiki anatomiýasy, patalogiki fizalogiýasy, kliniki diagnostika, weterinar akuşerçiligi ýaly haýwanlaryň anatomiýasyny öwrenmegiň, bejermegiň we keselleriň öňüni almagyň usullaryny içgin öwrenýärler. Gurnagyň agzalary akademiýanyň çäginde ýerleşýän manežde, athanada atlara gerek bolan lukmançylyk kömegini berýärler, olarda ýüze çykyp biljek keselleri bejermek we anyklamak şeýle hem Atçylyk ylmy önümçilik merkezinde, Ahalteke atçylyk athanasynda birnäçe ylmy barlag işleriň üstünde işleýärler. Şeýle hem weterinar lukmançylyk ulgamynyň iň täze gazananlaryny öwrenip olary durmuşa geçirmek, tebigaty yzygiderli goramak we sanitariýa, weterinariýa standartlarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýärler.
YLHAMLY ÝAŞLAR
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary hemişe üns merkezinde saklap, her bir işe işjeň gatnaşmaklaryna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzyň geljegini ýaşlarda görýär. Garaşsyz ýurdumyzyň ýaşlary bolsa hemmetaraplaýyn kämil, giň dünýägaraýyşly we döwrebap ýaşlardyr. Çünki ýaşlar jemgyýetiň işjeň bölegidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözleri ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň jaýdar belleýşi ýaly, ýaşlar geljegi gurujylardyr. Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlaryň ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýoluny dowam etdiriji, kämil, giň dünýägaraýyşly, ata Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin bolsa ähli şertler döredilýär. Ylhamly ýaşlar atly gurnagyň agzalary çeper döredijilik we ylmy-barlag işleri ýerin ýetirýärler. Şeýle hem gazet žurnallarda, teleradio gepleşiklerinde yzygiderli çykyş edip bu ugurda halypa şägirtlik ýörelgesini mynasyp dowam etdirýärler. Talyplar suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, nakgaşçylyk zenanlara mahsus el işleri ýaly ugurlar boýunça ajaýyp sungat eserleri taýýarlaýarlar, ussat halypalar bilen duşuşyklary gurnap olaryň tejribesini içgin öwrenýärler. Şeýle hem kompýuter tehnologiýalaryndan, programma üpjünçiliginden oňat baş çykaryp dizaýn, taslama işlerine işjeň gatnaşýarlar.