HALKARA ATÇYLYK SPORT FEDERASIÝASYNYŇ TÄLIMÇI-MUGALLYMY AKADEMIÝADA OKUW SAPARYNDA

HALKARA ATÇYLYK SPORT FEDERASIÝASYNYŇ TÄLIMÇI-MUGALLYMY AKADEMIÝADA OKUW SAPARYNDA

41
       2025-nji ýylyň noýabr aýynyň dowamynda 10 gün möhlet bilen Gazagystan Respublikasynyň raýaty Halkara atçylyk sport federasiýasynyň tälimçi-mugallymy Natalýa Dolgih Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplaryna atly sportuň marafon görnüşi boýunça halkara ýaryşlaryna taýýarlyk geçirmek we tejribe okuw sapaklaryny alyp barmak maksady bilen Türkmenistana, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna okuw sapary bilen geldi.
 
 
Tälimçi-mugallym Natalýa Dolgih okuw saparynyň ilkinji güninde, ilki bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Akademiýanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ahalteke bedewlerimize degişli eýer-esbaplar, heýkeller we beýleki gymmatlyklar myhmanda uly täsir galdyrdy. Soňra myhman akademiýanyň barlaghanalaryna we Atçylyk tejribe otagyna baryp, ol ýerde at münmegiň ýokary mekdebi bolan sanly tehnologiýalar arkaly talyplar bilen geçirilýän tejribe okuwlary bilen tanyşdy.
 
 
 
Soňra myhman akademiýanyň barlaghanalaryna we Atçylyk tejribe otagyna baryp, ol ýerde at münmegiň ýokary mekdebi bolan sanly tehnologiýalar arkaly talyplar bilen geçirilýän tejribe okuwlary bilen tanyşdy. Günüň birinji ýarymynda Tälimçi-mugallym Natalýa Dolgih akademiýada atçylyk we atly sport taýýarlyk ugrunda bilim alýan talyp ýaşlar bilen atly sportuň marafon görnüşi boýunça nazary okuw sapagyny geçdi. Soňra güniň ikinji ýarymynda Tälimçi-mugallym Natalýa Dolgih Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp ol ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen atly sportuň marafon görnüşi boýunça, toplumyň meýdançasynda tejribe okuwyny geçdi. Halkara atçylyk sport federasiýasynyň tälimçi-mugallymy Natalýa Dolgihiň talyplar bilen geçen ilkinji okuw güni täsirli geçip akademiýanyň talyplarynda uly gyzyklanma galdyrdy.
 
Nowruzälem GURDOW
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň mugallymy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm