Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda biz ýaşlara okamaga, bilim almaga, halkara derejesinde ders bäsleşiklerine, olimpiadalaryna gatnaşmaga ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda biz ýaşlara uly ynam bildirilip, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmeklerimiz ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli işler amala aşyrylýar.
2025-nji ýylyň 29-njy sentýabry 3-nji oktýabry aralygynda dünýäniň 40 döwletinden 600-den gowrak mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäheriniň Sibir federal uniwersitetinde geçirlen Maliýe howpsuzlygy boýunça V halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda deň-duşlarym bilen bir hatarda maňa-da ýeňiş gazanyp 2-nji orna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şular ýaly halkara derejesindäki çäreler bize daşary ýurtly ýaşlar bilen özara tejribe alyşmagymyza şert döredýär.
Geljekde hem ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň uly sepgitlere ýetmegi we bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagy babatdaky tagallalara mynasyp goşandymy goşjakdygyma Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ynandyrýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, Watanymyzyň gülläp ösüşi, eşretli geljegimiz ugrunda durmuşa geçirýän işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Şükür Esedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň talyby