Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda belent sepgitlere ýetilýär hem-de buýsançly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Oba hojalyk pudagynda, şol sanda maldarçylykda gazanylýan her bir üstünligiň aňyrsynda ilkinji nobatda yhlasyň we döredijilik zähmetiniň durandygyny bellemek gerek.
2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Oba Hojalyk mallarynyň ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmek” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlary we talyplary, Döwlet Weterinariýa gullugynyň hünärmenleri, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri hem-de sanly ulgam arkaly onlaýn görnüşde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çykyşlarda ýurdumyzyň weterinariýa gullugynyň täze mümkinçilikleri, öňünde duran wezipeleri, oba-hojalyk mallarynyň keselleri we onuň öňüni alyş çäreleri, atlarda döräp biljek keselleriň öňüni almakda geçirilýän çäreler hem-de bu ugurlary ylmy taýdan öwrenmegiň ähmiýeti hakynda giňişleýin bellenilip geçildi.
Maslahatyp ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň oba-hojalyk pudagyny ylmy taýdan öwrenmäge ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Nuryýew Alp-Arslan, Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
talyby