«MAGTYMGULY PYRAGY – YNSAN KALBYNYŇ ÖÇMEJEK NURY» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILÝÄR

«MAGTYMGULY PYRAGY – YNSAN KALBYNYŇ ÖÇMEJEK NURY» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILÝÄR

126
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek boýunça işler barha rowaçlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Magtymguly ― dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirijiler, akyldar şahyryň çeper keşbini öz eserlerinde beýan edijiler bilen birlikde, dana Pyragynyň ylmy-edebi mirasyny öwrenijiler aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Aslynda, her bir türkmen magtymgulyşynasdyr. Her bir türkmen ömrüniň dowamynda Magtymgula düşünmäge çalyşýar. Magtymgulynyň sözleri, öwüt-ündewleri bilen ýaşaýar» diýip belleýär. 
 
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary»  atly kitabyndan ugur alnyp Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly akyldar şahyryň şygyrlaryny wideoşekiller arkaly suratlandyrmak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşigiň esasy maksady   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda beýan edilýän maglumatlary ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wasp etmekden, akyldar şahyryň şygyrlarynda wasp edilýän wakalary wideoşekiller arkaly açyp görkezmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän,  akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny dünýä meşhur eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
 
 
 
 
Nowruz Myratdurdyýew,
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
mugallymy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm