«MERDANA PEDERLERIMIZIŇ GAHRYMANÇYLYGY WATANSÖÝÜJILIGIŇ GÖRELDE MEKDEBIDIR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

«MERDANA PEDERLERIMIZIŇ GAHRYMANÇYLYGY WATANSÖÝÜJILIGIŇ GÖRELDE MEKDEBIDIR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

84
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly we 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni, Türkmenistanyň hemişelik  Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda beýan edilýän maglumatlara esaslanyp ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, hünärmenleriniň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Merdana pederlerimiziň gahrymançylygy watansöýüjiligiň görelde mekdebidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlara, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çekenlere uly sarpa goýulýar. Halk gahrymanlaryny döwletimiz tarapyndan hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Beýik Ýeňiş üçin batyrgaý söweşen, tylda zähmet çeken, müňlerçe türkmen esgerleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen gaýduwsyzlyk bilen söweşdiler.   Olaryň her biriniň ömür ýoly türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň nusgasydyr.  Ýeňiş güni - edermen gerçekleri milli gahrymanlaryň hatyrasyna, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda we tylda zähmet çeken türkmen zenanlary hormatlanýar.
 
 
Beýik Ýeňşiň gadyr-gymmaty halkymyz üçin belentlik bolup şuglalanýar. Watan asudalygyny goran mertlerimiziň, bagtyýar ýaşaýyş ugrunda göreşen gahrymanlar halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýar. “Ähli zat front üçin, ähli zat ýeňiş üçin!” şygaryny baýdak edinen türkmen zenanlarynyň mertebesi beýiklik bilen ýatlanýar. Ylmy-amaly maslahata gatnaşan myhmanlar, mugallymlar şol ýyllaryň taryhy sahypalaryny mähribanlyk bilen ýatladylar. Uruş döwrüniň zenanlarymyzyň gaýratly edermenliklerini, olaryň erkek adamlaryň hatarynda durup watany gorandyklaryny, ýaş nesillerimize nusgalyk ýörelge bolandyklaryny birin-birin gürrüň etdiler. Halkymyzyň at-abraýyny dünýä dolduran, ençe ýurtlarda olaryň atlary ebedilik bilen tutulýan  gerçeklerimiziň her biriniň şöhratly edermenlikleri agzalyp geçildi.
Goý, ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw edýäris.
  
Ogulbagt Hojalyýewa
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň muzeýiniň gözegçisi
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm