TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY MYNASYBETLI HALKARA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY MYNASYBETLI HALKARA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

94
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 25-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde behişdi ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda Arkadag şäherinde indi ikinji gezek Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahaty geçirildi. Bu maslahata daşary ýurtly myhmanlar, atşynaslar, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň hünärmenleri we atşynaslary hem-de ýurdumyzyň alymlary, taryhçylar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
 
 
Maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň esasy girelgesinde ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we  amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik eserleriniň sergisine aýlanyp gördüler. Bu ýerde ahalteke bedewleriniň taryhy, şu günki gazanan üstünlikleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dürli ýyllarda gazanan ýeňişleriniň baýraklary ýerleşdirildi. Şeýle hem ýurdumyza myhman bolup gelen daşary ýurtly atşynaslaryň, alymlaryň bu ylmy maslahata gatnaşmagy maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şeýle hem daşary ýurtly gatnaşyjylar sanly ulgam arkaly çykyş edip gutlag sözlerini beýan etdiler.
 
 
Maslahatda çykyş edenler halkymyzyň milli buýsanjyna we guwanjyna öwrülen, dünýä ýüzünde gözelligiň hem kämilligiň nusgasy hasaplanýan, ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik sungatyny, atçylyk sportyny ösdürmekde alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, türkmen bedewiniň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de olaryň halkara derejesinde geçirilýän atly sport ýaryşlarynda, sirk festiwallarynda gazanan üstünliklerini nygtap, bu ugurda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň bardygyny bellediler. Maslahatyň ahyrynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen «Türkmen bedewi we  dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVII halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Hormatly Prezidentimize Ýüzlenme okaldy we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde behişdi ahalteke bedewlerimizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.  Soňra bu halkara ylmy maslahat öz işini 4 bölümde, ýagny “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň behişdi bedewleri”, “Ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde türkmen seýisçilik sungatynyň aýratynlyklary”, “Atçylygy ylmy taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri” hem-de “Ahalteke bedewleri – taryhy we edebi ýazgylarda” atly bölümlerde dowam etdi. Maslahata gatnaşyjylar milli ýörelgelerimiziň dowamat-dowam bolmagy, atçylyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden mähirli gutladylar.
   
 
Söýenç Ahmedow,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk  
akademiýasynyň mugallymy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm