HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ XV MEJLISI GEÇIRILDI

HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ XV MEJLISI GEÇIRILDI

109
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň baýramy uly şatlyk-şowhun bilen giňden bellenip geçilýär. Bu baýramyň bellenilýän günlerinde 2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Halkara ahalteke atçylyk assosasiýasynyň XV mejlisi geçirildi.
 
 
Säher bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisine gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binasynyň öňünde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra myhmanlar ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde çeper beýan etmek boýunça döredijilik eserleriniň sergisine tomaşa etdiler. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda çykyşlarda  Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler we guramaçylyk meseleleri barada bellenilip geçildi.
 
 
Mejlisiň barşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Katerina Ýakob  çykyş edip Türkmenistanda atçylyk pudagyny, atly sporty ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny belläp geçdi.  Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Özbegistan Respublikasynyň «Uzbegim» atçylyk hojalygynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Awaz Ismailow,  Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy,  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Garagum ahalteke» atçylyk hojalygynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Jessika Eýle Keýt, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti  Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Blanka de Toledon we başgada birnäçe daşary ýurtly atşynaslar wideo aragatnaşyk arkaly çykyş etdiler.
 
 
 
Mejlisiň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen  hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Permany okaldy hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dolandyryş müdiriýetiniň çözgüdine laýyklykda assosiasiýanyň düzümine türkmen we daşary ýurtly täze agzalar kabul edildi.
Mejlise gatnaşyjylar türkmen halkymyzyň gymmatly baýlygy bolan ahalteke bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmäge, atşynaslyk we seýisçilik sungatyny, behişdi bedewlerimizi halkara derejesinde dabaralandyrmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
 
Kakageldi Çaryberdiýew,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk 
akademiýasynyň mugallymy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm