BEDEW BADY BİLEN ROWAÇ MENZİLLERE

BEDEW BADY BİLEN ROWAÇ MENZİLLERE

21
          Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen syýasy diplomatik, söwda-ykdysady, medeni ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. 16-17-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran sapary hem iki doganlyk ýurduň özara hyzmatdaşlygyny has-da ilerletmäge goşant goşjak möhüm waka boldy.
         Milli Liderimiz saparynyň dowamynda Azerbaýjanyň Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Şuşa şäherinde ýerleşýän Jydyr düzünde geçmişde at çapyşyklary geçirilipdir. Olara tomaşa etmek üçin Jydyr düzüne Azerbaýjanyň dürli künjeklerinden, daşary ýurtlardan bedewleriň muşdaklary jemlenipdir. Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bu ýere gelenlerinde, dostlukly ýurduň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlary ýaýbaň­landyryldy. Şol ýerde türkmen halkynyň Milli Liderine belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde Dostluk atly dörtýaşar al at sowgat berildi. Daglyk ýerde idedilip ýetişdirilen bu at Azerbaýjanyň Garabag sebitinde giň­den ýaýran garabag tohumyndandyr. Onuň esasy aýratynlygy reňkiniň di­ňe bir görnüşde, ýagny al reňkde bolmagydyr. Iki halkyň dost-doganlyk däplerini dabaralandyran bu taryhy wakalara şaýat bolmak bize-de miýesser etdi.
       Saparyň dowamynda biz atçylyk hem-de sirk sungaty boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, tejribe alyşmak üçin «Sea Breeze» sirkiniň direktory we çeper ýolbaşçysy Allahwerdi Israfilow, Baku döwlet sirkiniň direktory Nahid Agaýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasy nyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşyklary geçirdik. Baku şäherinde ýerleşýän Atçylyk sporty federasiýasynyň toplumyna aýlanyp gördük we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyk. Öz gezegimizde, atşynaslyk sungaty boýunça halkymyzyň toplan köpasyrlyk tejribesi, Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerimize bagyşlap ýazan ajaýyp kitaplarynda beýan edilýän maglumatlar, Milli Liderimiziň yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäherinde hereket edýän, dünýäde atçylyga ýöriteleşen ýeke-täk ýokary bilim ojagy bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy barada azerbaýjanly kärdeşlerimize gürrüň berdik.
        Ýeri gelende bellesek, akademiýada ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini ýetişdirmekde we seýislemekde halkymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk däplerini dowam etdirjek, täze taryhy döwürde pudagy  ösdürmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Täze şäheriň çäginde Halkara atçylyk akademiýasy bilen birlikde, «Görogly» adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, atçylyk toplumynyň hem gurulmagy ýurdumyzda bu ugurdaky işlere toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär. Doganlyk ýurtdan bolan kärdeşlerimiziň türkmen milli at üstündäki oýunlarynyň özlerinde uly täsir galdyrýandygyny aýtmagy bizi örän begendirdi.
       Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýup, soň­ky ýyllarda atçylyk boýunça dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklary has-da ilerletmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna nobatdaky sapary hem munuň aýdyň mysallarynyň biri boldy. Atçylyk pudagy babatda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
 
Pygy BAÝRAMDURDYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory,  Türkmenistanyň halk atşynasy
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm