«ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ ŞÄHERI» ATLY SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILÝÄR

«ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ ŞÄHERI» ATLY SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILÝÄR

25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň geljegi bolan çagalaryň sagdyn, ruhubelent, ylymdan we bilimden ýüki ýetik bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramak, we zähmete uýgunlaşdyrmak hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy üçin köpsanly işler durmuşa geçirilýär. «Bal süýji, baldan-da bala» diýen parasatly pähimde halkymyzyň ynsan durmuşynyň gül-gunçalary hasaplanylýan çagalara bolan buýsanjy şöhlelenýär. Türkmenistan Watanymyz – bagtly çagalygyň mekany. Ýurdumyzda ýaş nesliň aýratyn alada, söýgi bilen gurşalmagy hem şeýle diýmäge esas berýär. Arkadag şäherinde çagalara niýetlenen döwrebap desgalaryň, binalaryň ençemesiniň bolmagy bolsa, döwletimizde çagalar hakdaky alada aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Arkadag şäheriniň binagärlik gurluşyny, gözelligini wasp etmek, mekdep okuwçylaryň döredijilik ukyp-başarnygyny ýokarlandyrmak, zehinli we ukyply çagalary ýüze çykarmak maksady bilen Çagalary goramagyň Halkara güni  hem-de Arkadag şäheriniň 1-nji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Arkadag şäheri – ýaşlygyň we gözelligiň şäheri» atly surat çekmek bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşik 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilýär. Ýaş suratkeşler bäsleşigiň dowamynda çekjek suratlarynda Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlygy, şäherde ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy, Arkadag şäheri bagtly çagalygyň, bagtyýar ýaşlaryň mekany ýaly temalar boýunça döredijilik başarnygyny görkezerler.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän,  durmuşymyzyň gymmaty we geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalaryň döredijilik ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerimizi aýdýarys.
 
 
 
Beghanowa Aýnabat,
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
talyby
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm