
Ýagny maslahatyň birinji bölümi “Konstitusiýa we baýdak mizemez mukaddeslikler”, ikinji bölümçesi “Ylym – beýik üstünliklerimiziň, nurana geljegimiziň binýady” diýip atlandyryldy. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda bir günde bellenilmeginiň çuň manysynyň bardygyny, bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandygyny bellediler.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tüýs ýürekden gutladylar. Ýurdumyzyň her bir günini uly üstünliklere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler!