«TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY  WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY -RUHY GALKYNYŞLARYŇ,  PARAHATÇYLYGYŇ WE JEBISLIGIŇ GÖZBAŞYDYR»

«TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY -RUHY GALKYNYŞLARYŇ, PARAHATÇYLYGYŇ WE JEBISLIGIŇ GÖZBAŞYDYR»

15
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we talyplaryň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy  we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy - ruhy galkynyşlaryň, parahatçylygyň we jebisligiň gözbaşydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we iki bölümde dowam etdi.
 
 

Ýagny maslahatyň birinji bölümi “Konstitusiýa we baýdak mizemez mukaddeslikler”,  ikinji bölümçesi “Ylym – beýik üstünliklerimiziň, nurana geljegimiziň binýady” diýip atlandyryldy. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda bir günde bellenilmeginiň çuň manysynyň bardygyny, bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandygyny bellediler.  

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy,  tüýs ýürekden gutladylar. Ýurdumyzyň her bir günini uly üstünliklere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler! 

 
 
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm