ÝÜREKLER ALKYŞDAN DOLY

ÝÜREKLER ALKYŞDAN DOLY

99
Türkmenistanyň halk atşynasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny ylmy esasda öwrenmäge, seýisçilik sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda meşhur behişdi bedewleriň milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, baş edarasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Şu ýyl onuň döredilenine 15 ýyl doldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmen bedewiniň milli baýramynyň toýlanýan ajaýyp günlerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen “Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisinde” bu abraýly halkara assosiasiýanyň agzasy bolmak bagty maňa miýeser etdi. Biz hem şeýle döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, ýurdymyzyň atçylyk pudagyny ösdürmekde, talyp ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermekde, hünär öwretmekde öz ukyp başarnygymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda işlemäge Arkadag şäherinde ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys. Goý Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
 
Nowruzälem GURDOW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy, Halkara
ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy
 
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm